Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Ýyl dünýä boýunça dabara bilen bellenilip geçildi


Dünýäniň aglaba şäherlerinde Täze Ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Nýu-Ýorkda turistler we ýerli ýaşaýjylar “Times Square” meýdançasynda ýygnanyp, geçen ýylyň soňky sekuntlaryny sanadylar.

Londonda Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli, feýwerkler atyldy. Temza derýasynyň boýuna ýygnanan adamlar hem, birek-biregini täze – 2013-nji ýyly bilen gutlaýardylar.

Olaryň biri özüniň arzuwyny şeýle beýan etdi: “Eger-de men ertir “Ýewromilliony” utup bilsem, in-e, şu meniň Täze Ýyl arzuwym bolar”.

Mundan hem öň, Orsýetde adamlar Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda ýygnanyp, Täze Ýyly garşy aldylar.

Häzirki pursat tämizlik işgärleri, baýramçylykdan soň şäherleriň köçelerinde tämizlik işlerini geçirýärler.
XS
SM
MD
LG