Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti wezipesinden gitdi


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Stiw Korn 25-nji ýanwardan başlap, bu wezipeden aýrylýandygyny aýdyp, beýanat ýaýratdy. Stiw Korn Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna iki ýyl ýolbaşçylyk edipdi.

Stiw Kornyň radiony reformalyşdyrmak ugrunda alyp baran işleri käbir tankytlara hem sezewar edilipdi. Özüniň beýanatynda Korn, işden gitmegine “maşgala ýagdaýlarynyň” sebäp bolandygyny aýdýar.

Stiw Korndan soň, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň täze ýolbaşçysynyň kimiň boljakdygy barada, häzirlikçe maglumat berilmedi.
XS
SM
MD
LG