Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýanyň lideri Täze Ýyl gutlagy bilen çykyş etdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri 19 ýylyň içinde ilkinji gezek, öz halkyna Täze Ýyl gutlagy bilen ýüzlendi.

Kim Jong Un özüniň Täze Ýyl gutlagynda “Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky bar bolan garşydaşlygyň aýrylmagyny” isleýändigini aýtdy. Emma onuň çykyşynda, has döwrebap ýaraglaryň hem özleşdirilmelidigi barada aýdylýar.

Geçen ýylyň dekabrynda Phenýangyň “orbita sateliti çykarmak üçin” diýip, uçuran uzak aralyk üçin raketasy, Koreýa ýarymadasynda dartgynlylygy güýçlendiripdi. Seul, Waşington we käbir beýleki döwletler, munuň ballistik raketanyň synagynyň bolandygyndan howatyr edipdiler.

Kim şu ýyl üçin iň esasy maksatlaryň biri, bu halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdygyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG