Sepleriň elýeterliligi

Dünýä täze ýyly garşy aldy


Täze Ýyl baýramçylygy. Taiwan

Täze Ýyl baýramçylygy. Taiwan

Dünýäniň aglaba şäherlerinde Täze Ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Nýu-Ýorkda turistler we ýerli ýaşaýjylar “Times Square” meýdançasynda ýygnanyp, geçen ýylyň soňky sekuntlaryny sanadylar.

Londonda Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli, feýwerkler atyldy. Temza derýasynyň boýuna ýygnanan adamlar hem, birek-biregini täze – 2013-nji ýyly bilen gutlaýardylar.

Olaryň biri özüniň arzuwyny şeýle beýan etdi: “Eger-de men ertir “Ýewromilliony” utup bilsem, in-e, şu meniň Täze Ýyl arzuwym bolar”.010105

2013-nji ýylda millionlarça ýewrolyk lotereýany ýeňmegi arzuw eden bilen birlikde, has durmuşy dilegler hem dile getirildi. Bir aýal: “Men dogurdan hem gowy bir işi, äri we öýi arzuw edýärin” diýdi.

Orsýetde adamlar Moskwanyň Gyzyl Meýdançasynda ýygnanyp, täze ýyly garşy aldylar.

Hindistanda ýerli ilat we daşardan gelen turistler Mumbai we beýleki iri şäherlerde ýygnanyp, täze ýyly bellediler. Mumbai şäherinden bir turist gyz şeýle arzuw etdi: “Men tutuş dünýädäki adamlara täze ýylyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Goý bu gowy ýyl, ähli kişi üçin bagtly ýyl bolsun!”.

Dünýädäki Täze Ýyl baýramçylyklarynyň ählisi şowlulyk bilen gutarmady.

Filippinlerde Täze Ýyl baýramçylygy mynasybetli atylan oklarda dört ýaşly çaga öldi, başga-da 400-e golaý adam ýaralandy.

Baýramçylykdan soň, häzirki pursat şäherleriň köçelerinde tämizlik işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG