Sepleriň elýeterliligi

Dubaý: Tussag edilen täjik opposizioneri prezidenti aýyplaýar


Maliýe galplyklarynda aýyplanyp Dubaýda tussag edilen täjigistanly oppozisiýa lideri Umarali Kuwatow bu wakada Täjigistanyň prezidentini aýyplap, açyk hat ýaýratdy.

Dubaýdaky tussag izolýatoryndan ýazan açyk hatynda Umarali Kuwatow özüne bildirilýän aýyplamalary ret edip, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmony ýurtda totalitar režimi döredenlikde tankytlapdyr.

Ol maliýe galplyklarynda özüne bildirilýän aýyplamalary Emomali Rahmonyň hökümetiniň “repressiýasyna” garşy öz alyp barýan göreşi üçin ar alyşlyk çäresi hökmünde häsiýetlendiripdir.

Täjik opposiýasynyň liderlerinden biri Umarali Kuwatow Täjigistanyň häkimiýetleriniň haýyşy esasynda 23-nji dekabrda Dubaýda tussag astyna alyndy. Täjik häkimiýetleri oňa galp biznes işleri arkaly 1.2 million dollar töweregi serişde toplanlykda aýyplama bildirýärler.
XS
SM
MD
LG