Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Kongresi maliýe plany barada täze kanuny tassyklady


Birleşen Ştatlarda salgytlary ýokarlandyrmak we maliýe çykdajylaryny azaltmak barada Kongresiň kabul eden täze kanunyny indi prezident Obama tassyklar diýlip garaşylýar.

Uzaga çeken dawalardan we çekeleşiklerden soň, täze ýylyň ilkinji güni, 1-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň Kongresi bu baradaky kanunyň taslamasyny kabul etdi.

Ony Kongresiň 257 deputaty goldady we 167-si oňa garşy ses berdi. Mundan öň bu kanunyň taslamasy Senatda-da goldanypdy.

Birleşen Ştatlaryň býujet defisitini “howply çygyrdan” aňryk geçirmezlik maksady bilen kabul edilen bu kanunda döwletiň çykdajylaryny 600 milliard dollar kemeltmeklik hem-de uly girdejilere salynýan salgytlary artdyrmaklyk göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG