Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda mugt ýangyçlar üçin talonlar berlip başlandy


1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanda hususy ýenil maşynlaryň we motosiklleriň eýelerine döwlet tarapyndan mugt berilýän benzin we dizel ýangyçlary üçin talonlar berlip başlandy.

Bu ýangyç talonlary 2013-nji ýylyň başky alty aýy üçin berilýär. Türkmenistanyň resmi metbugatyndaky maglumata görä, ýeňil maşynlaryň we motosiklleriň eýeleri şeýle talonlary ýörite ygtyýarly edilen bank edaralaryndan alyp bilýärler.

Ýeňil maşynlar we motosikller üçin belli bir çäkde mugt benzin bermek çäresi prezidentiň karary bilen 2008-nji ýyldan ýola goýlupdy. Şu karara laýyklykda, ýeňil maşynlaryň eýelerine aýda 120 litr, motosiklleriň eýelerine bolsa 40 litr benzin mugt berilýär.
XS
SM
MD
LG