Sepleriň elýeterliligi

Obama täze maliýe kanunyny makullaýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň täze kanuna gol çekmegine garaşylýar. Kongres tarapyndan makullanan bu kanunyň proýektinde ýurduň ykdysadyýetine abanýan maliýe howplarynyň öňüni almak üçin ýurtda salgytlary ýokarlandyrmak we döwlet çykdajylaryny azaltmak ýaly çäreler göz öňünde tutulýar.

Kanunyň proýekti 1-nji ýanwarda Kongress tarapyndan makullandy. Respublikan partiýasynyň köpçüligindäki wekiller öýi 257 sesiň goldamagynda we 167 sesiň garşy çykmagynda kanunyň proýektini makullady.

Senat tarapyndan hem goldanan bu kanun Obamanyň garamagyna tabşyryldy.

Ykdysadyýetçiler täze çäreleriň ABŞ-nyň ösüşine zyýan ýetirip biljegini we global ykdysadyýete täsir ýetirjegini duýdurdylar.

Kanun köp amerikanlar üçin salgytlaryň azalmagyny we azyndan iki aýa golaý döwrüň dowamynda döwlet çykdajylarynyň azalman saklanmagyny göz öňünde tutýar.

Salgyt çäresi

Kanuna laýyklykda baý amerikanlar üçin salgytlaryň ýokarlandyrylmagy 10 ýylyň dowamynda ýurda 620 milliard dollar girdeýji getirmeli.

Barak Obama bu kanun arkaly amerikan salgyt sistemasynyň has adalatly boljagyny belledi.

Barak Obama täze kanunyň ýurduň ilatynyň 2% golaý baý gatlagy üçin salgytlary ýokarlandyrmak bilen orta gurply raýatlary goşmaça salgytdan halas edýändigini we ykdysadyýetiň yza gaýtmagynyň öňüni almaga ukyplydygyny belledi.

Obama bu kanunyň pul ýetmezçiligini azaltmak üçin edilýän tagallalaryň diňe bir bölegi bolup durýandygyny hem boýun aldy.

Demokratlar we respublikanlar defisiti azaltmak boýunça strategiýanyň üstünde ylalaşyp bilmän gelýärler.

Demokratlaryň salgytlary köpeltmek baradaky teklipleri respublikanlar tarapyndan ret edilýär. Respublikanlaryň çykdajylary azaltmak barada öňe sürýän teklipleri bolsa demokratlar tarapyndan ret edilýär.

ABŞ-niň täze maliýe kanuny makullamagy halkara maliýe bazarlaryna öz täsirini ýetirdi. Aziýanyň maliýe bazaryndaky nyrhlar ýokary galdy we nebtiň bahasy artdy.

XS
SM
MD
LG