Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Çaknyşyklar sebäpli Alepponyň aeroporty ýapyldy


Sişenbe güni Siriýanyň iň uly şäheri bolan Aleppo şäheriniň golaýynda hökümet güýçleri bilen ýaragly söweşijileriň arasynda bolan çaknyşyklar sebäpli şäheriň aeroporty wagtlaýynça ýapyldy.

Bu wakada oppozision ýaragly söweşijileriň Alepponyň aeroportunyň daşyny goraýan hökümet güýçlerine garşy hüjüm edendikleri habar berilýär.

Soňky günler oppozision söweşijiler hökümet güýçleriniň howa taýdan artykmaçlyklarynyň öňüni almak üçin Aleppo şäheriniň töwereklerindäki aeroportlara edýän hüjümlerini has güýçlendirdiler.

Siriýanyň hökümetiniň oppozision güýçlere garşy amala aşyrýan howa hüjümleri oppozision söweşijileriň harby hereketleriniň öňünde uly kynçylyklary döredip gelýär.
XS
SM
MD
LG