Sepleriň elýeterliligi

Müsürda belli komediýaçy prezidente dil ýetirmekde aýyplanylýar


Müsüriň prokuraturasy meşhur telewizion komediýaçy Bassem Ýussefe garşy prezidentiň mertebesini kemsitmekde jenaýat-derňew işini ýola goýdy.

Prokuratura oňa prezident Muhammad Mürsüniň suratyny ýassyga ýelmemek hem-de onuň eden çykyşlaryny parodiýa öwürmek arkaly prezidentiň “mertebesini kemsitmekde” aýyplama bildirýär.

Müsürli komediýaçy Bassem Ýussefe garşy gozgalan bu jenaýat-derňew işi bilen baglanyşykly waka Müsürde garaşsyz habar serişdeleriniň täze kabul edilen konstitusiýadaky çäklendirmeler barada aladalarynyň artýan döwrüne gabat geldi.

Müsüriň baş prokuraturasy yslamçy bir ýuristiň komediýaçy Bassem Ýussefe garşy şikaýat bilen ýüz tutmagy sebäpli derňew işleriniň ýola goýlandygyny aýdýar. Emma şikaýatçynyň kimdigi barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG