Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa: Muhammet pygamber barada karikatura toplumy çap edildi


Çarşenbe güni Fransiýanyň “Çarlie Hebdo” satiriki žurnaly Muhammet pygamberiň ömrüne bagyşlap ýörite 64 sahypalyk karikatura toplumyny çap etdi. Ýakyn geçmişde bu žurnalyň Muhammet pygamber barada çap eden karikaturalary uly dawalaryň döremegine sebäp bolupdy.

Bu satiriki žurnalyň redaktory Stefan Şarbonnier “Muhammet pygamberiň ömri” diýen at bilen çap edilen häzirki karikaturalar toplumynyň prowokasiýa häsiýetine eýe däldigini öňe sürdi.

Ol bu toplumda diňe Muhammet pygamberiň ömri barada musulman awtorlary tarapyndan ýazylan wakalaryň mazmuny esasynda çekilen suratlaryň ýerleşdirilendigini belledi.

Geçen ýyl Fransiýanyň “Çarlie Hebdo” žurnalynyň Muhammet pygamber barada çap eden karikaturasy köp musulman ýurtlarynda gahar-gazaply protest çykyşlaryny möwç almagyna sebäp bolupdy. Şol wakalarda Fransiýanyň özüniň käbir ýurtlardaky ilçihanalaryny we medeni merkezlerini wagtlaýynça ýapmaga-da mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG