Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet 2013-nji ýyldan nämä garaşýar?


Täze ýylyň bosagasynda orsýetli aktiwistler syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, Moskwada demonstrasiýa gurnadylar. Moskwa, 29-njy dekabr, 2012.
Täze ýylyň bosagasynda orsýetli aktiwistler syýasy tussaglaryň azatlyga goýberilmegine çagyryş edip, Moskwada demonstrasiýa gurnadylar. Moskwa, 29-njy dekabr, 2012.
Orsýetde 2012-nji ýylyň başynda özgerişlikere bolan umytlar uly köpçülikleýin protestler bilen başlanan bolsa-da, ýylyň aýagynda bu tendensiýa göz-görtele gowşap ugrady. Ýöne bulary ýola goýan sosial, ykdysady we syýasy güýçler täze ýylda-da ýurdy alamatlandyrmagy dowam etdirer diýlip garaşylýar.

Orsýet, ýurtda barha artýan närazylyga aýgytly jogap berip bilmeýän Kreml hem-de prezident Putini agdarmaga gurby çatmaýan oppozisiýa bilen bilelikde kynçylykly döwre girip gelýär.

2013-nji ýylda näme garaşyp bolar?

2012-nji ýyl Orsýet üçin tutuşlygyna syýasat ýyly bolan bolsa, 2013-nji ýyl ykdysadyýet ýyly bolar diýen garaýyşlar-da bar.

Orsýetde ykdysadyýet iki direge daýanýar. Bularyň biri nebit, beýlekisi hem tabigy gaz. 2013-nji ýyl ilerläp ugranda, bularyň ikisi-de barha artýan basyş astyna düşer.

Mysal üçin, häzir bir barreli 90 dollar bilen 100 dollar aralygynda üýtgäp duran nebitiň bahasy ýakyn geljekde aşaklar diýip pikir edilýär.

Birleşen Ştatlaryň Harby-deňiz kollejinden milli howpsuzlyk barlaglary boýunça professor Nikolaý Gwozdewiň aýtmagyna görä, munuň Orsýete düýpli täsirleriniň bolmagy mümkin: “1980-nji ýyllarda saudylaryňky ýaly, Orslar hem energiýa bahasynyň aşaklamak ähtimallygy bilen ýüzbe-ýüz bolarlar”.

Nebitden gelýän dollarlaryň Orsýetiň ykdysadyýetini güýçlendirip, Putiniň syýasy maşynyny ýaglap saklaýan döwri indi aýaklap gelýär. 2013-nji ýylda esasy mesele syýasy sistemanyň bu kynçylyklara berjek jogaby bolar.

Soňky tendensiýalar

Orsýetiň öňdebaryjy ykdysadyýetçileri nebit-gaza howply garaşlylykdan dynyp, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegi birsyhly nygtap geldiler. Putin bilen premýer-ministr Medwedew hem bu çagyryşlara goşuldylar. Ýöne, edilen köp gürrüňlere garamazdan, bu ugurda biten iş ýok.

Munuň hem bir sebäbi ors elitasynyň içinde energiýa senagaty bilen baglanyşykly täsirli şahsyýetleriň muňa garşylyk görkezmegi.

Medwedew öz prezidentlik döwründe Kremle ýaş kadrlary getirmäge synanyşdy. Analitikleriň bellemegine görä, bu hem elitanyň has konserwatiw, ýaş taýdan ýäşuly böleginiň Putiniň tarapyna geçmegine sebäp boldy. Ýaşlar bolsa, ýokary wezipelere ymtylyp, Medwedewe ýakynlaşdylar.

Ýaşlar, köplenç, ideologik taýdan plýuralizme ýykgyn edýärler. Ýöne bu ýerde häkimiýetleriň özlerine potensial oppozisiýa bolaýjak toparlara täsir etmek meselesi-de orta çykýar.

“Synçylaryň aglabasy häzirki ýolbaşçylaryň oppozisiýany maliýe taýdan goldaýandyklaryna berk ynanýarlar” diýip, moskwaly sosiolog Olga Kriştanowskaýa aýdýar.

Ýäňy-ýakynda korrupsiýa garşy göreş alyp barýan blogçy Alekseý Nawalnyý bilen öňki maliýe ministri Alekseý Kudriniň syýasy taýdan özara hyzmatdaşlyk etmegi mümkin diýen gürrüňler ýaýranda, synçylar geň galdylar. Analitikler muňa elitanyň tehnokratik ganaty bilen oppozisiýanyň aram elementleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk diýip baha berýärler.

“Biz köp adamlaryň arkadaky gapydan oppozisiýanyň tarapyna geçenini göreris. Ykdysady elitanyň oppozisiýa aralaşmaga synanyşmagyna şaýat bolarys. Bu hem döwlet üçin gaty howply bolar” diýip, Nýu-Ýork uniwersitetiniň professory Mark Galeotti aýdýar.
XS
SM
MD
LG