Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wiktoriýa türkmen dili barada


Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki nobat
Orsýetiň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňündäki nobat
Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň arasynda türkmen dilini bilmeýänleri hem bar. Etniki taýdan rus milletinden biolan türkmenistanly Wiktoriýa hem şeýle ýaşlardan biri. Eýsem, türkmen dilini bilmän, Türkmenistanda ýaşaýan adamlar nähili ýagdaýlary başdan geçirýärler? Azatlyk Radiosy bu meselede Wiktoriýa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Wiktoriýa, türkmen dilini bilmänligiňiz üçin Türkmenistanda ýaşan döwrüňiz nähili tejriberleri başdan geçirdiňiz?

Wiktoriýa: Meniň iň esasy problemalarym – bu ilki bilen ýokary okuw jaýyna girmeklikde dörän böwetler we işe ýerleşmekde şowsuz synanyşyklarymdy. Men rus mekdebini tamamladym, onsoň ýokary okuw jaýyna girjek bolan wagtym türkmen dilinde synaglary tabşyryp bilmänligim üçin okuwa girip bilmedim.

Ondan soňra men Moskwa gidip, ol ýerde ýokary okuw jaýyny tamaladym. Türkmenistana gaýdyp gelip, orta mekdepleriň birinde mugallym bolup işlejek bolsam, 'türkmen dilini bileňok' diýip, meni işe almadylar. Men türkmen dilini onçakly gowy bilmesem-de, ýagny edebi dilde gürleşip bilmesem-de, çagalar bilen düşünişip bilerlik türkmençäm bardy. Emma şonda-da almadylar.

Azatlyk Radiosy: Wiktoriýa, geliň, ýagdaýa şeýle baha bereliň, meselem, Orsýetde okajak bolsaň, ors dilini hökman bilmeli, edil şonuň ýaly-da Türkmenistanda okajak bolsaň, tňrkmen dilini bilmeli, türkmen dilini öwrenip bolmadymy?

Wiktoriýa: Bu gaty gowy sorag. Emma, meniň pikirimçe, Türkmenistanda ýaşaýan beýleki milli azlyklaryň bilim almagy üçin we şol bir wagtyň özünde-de öz milliligini saklap biler ýaly şertler döredilmeli.

Meniň milletim ors bolsa-da, watanym diýip Türkmenistany hasaplaýan, sebäbi ol meniň göbek ganymyň daman, oýnap-gülüp, ösen ýerim. Biziň hökümetimiz mono etniki döwlet gurmaga çalyşýar, meniň pikirmçe. Bu bir utanç.

Sebäbi beýleki ýurtlar öz topragynda dürli halklaryň öz milliligini saklap, agzybirlikde ýaşaýandygyny başgalara görkezmek üçin elinden gelenini edýärler. Belki, olaryň ählisi bu meselede üstünlik gazanýanam däldirler, emma iň bolmanda şeýle bolmagyna çalyşýarlar. Bizde bolsa, tersine, ejem ybadathana barmak üçin başga şähere gatnaýar. Hatda dinimizi saklamaga mümkinçilik ýok diýen ýaly.

Azatlyk Radiosy: 'Türkmenistanda beýleki milli azlyklaryň ýokary bilim almaklary üçin şertler döredilmeli' diýýärsiňiz, nähili şertler barada gürrüň edýärsiňiz?

Wiktoriýa: Biziň ýaly orslar, tatarlar, azeri, Türkmenistanda ýaşaýan ýene ençeme ýaşlar üçin aýratyn uniwersitet döredilmeli. Elbetde, her kim üçin aýratyn däl, emma hemmämiz üçin bir umumy dilde döredilse, gowy bolardy. Goý, şol uniwersitet iňlis dilinde bolsun, biz iňlis dilini öwrenip, şol ýerde bilim alaly.

Azatlyk Radiosy: Eger bilýän bolsaňyz, prezident Berdimuhamedow ýakynda sapaklar iňlis dilinde öwrediljek ýokary okuw jaýyny döretmek üçin barlag işlerini geçirmegi tabşyrdy. Siziň muňa garaýşyňyz nähili?

Wiktoriýa: Dogrymy aýtsam, onçakly ynanamok, sebäbi beýleki uniwersitetlerdäki ýaly para alnyp okuwa alynarmyka diýýän. Eger şeýle-de bolsa razy, sebäbi meniň ýalylar daşary ýurda gidibem pul töläp okaýar-a. Gowusy öýde okalyň, para berip okamaly bolsa-da.
XS
SM
MD
LG