Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ABŞ-nyň howa zarbasynda söweşijileriň komandiri öldürildi


Pakistanda ABŞ-nyň amala aşyran raketa hüjüminde yslamçy söweşijileriň komandiri öldürildi. Bu barada ýerli howpsuzlyk resmileri habar berýär.

Berilýän maglumata görä, çarşenbe güni Molla Nazir ady bilen tanalýan komandir we onuň azyndan dokuz ýarany, şol sanda esasy orunbasary günorta Weziristanyň demirgazyk-günbataryndaky Angur Adda tire-taýpalar regionynda öldürilipdir.

Habar agentlikleri howpsuzlyk gulluklaryna salgylanyp, jesetleriň tanalmajak ýagdaýdadygyny habar berýär. Molla Naziriň goňşy Owganystanda Halkara güýçlerine garşy hüjümleri gurnandygy çaklanýar.
XS
SM
MD
LG