Sepleriň elýeterliligi

“Talyban” tarapyndan atylan gyzyň kakasy diplomatiki işe bellenildi


Pakistanyň hökümeti “Talyban” hereketiniň söweşijileri tarapyndan atylyp, agyr ýaralanan ýaş gyz Malalanyň kakasyna diplomatiki işi berdi. Malala gyzlaryň okamagyny goldap çykyş edeni üçin, söweşijiler onuň kellesinden atypdy.

Resmiler Malalanyň kakasy – Ziauddin Ýusufzaýynyň Pakistanyň Angliýanyň Birmingam şäherindäki bilim attaşesi wezipesine bellenendigini tassykladylar. Onuň bu wezipede azyndan üç ýyl işlejekdigi habar berildi.

Häzirki wagtda Malala Birmingam şäheriniň keselhanasynda bejergi alýar. Ol oktýabr aýynda Pakistanda kellesinden atylypdy. 15 ýaşly Malalanyň bu wakasy bütin dünýäde seslenme döretdi.
XS
SM
MD
LG