Sepleriň elýeterliligi

Elektrik stansiýasynyň başlygy işden boşadyldy


Türkmenbaşy şäheriniň elektrik podstansiýasy

Türkmenbaşy şäheriniň elektrik podstansiýasy

Resmi maglumatlara görä, “işde göýberen kemçilikleri üçin” diýen açyk kesgitleme bilen wezipesinden boşadylan Gurbangeldiýewiň ýerine bellenen täze ýolbaşçy bu işde bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmeli bolar.

Mary döwlet elektrik stansiýasynyň ýolbaşçysy işden boşadyldy.

Bu wezipe çalşygy 2-nji ýanwarda türkmen ýolbaşçylygynyň geçiren maslahatynda amala aşyryldy.

Resmi maglumatlara görä, Mary döwlet elektrik edarasyna täze ýolbaşçy edilip bellenen Öwezdurdy Çaşaýew bu wezipä energetika pudagynda uly tejribesi bolan ýolbaşçy hökmünde hödürlendi. Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi Öwezdurdy Çaşaýew öň birnäçe ýyllap ýurduň energetika sistemasynda, ýagny Mary we Türkmenbaşy stansiýalarynda işläpdir.

Goýberilen kemçilikler

Mary elektrik stansiýasynyň ozalky ýolbaşçysy Geldimyradowyň wezipesinden çetleşdirilmegine onuň “işde goýberen kemçilikleriniň” sebäp bolandygy aýdyldy, emma şol kemçilikleriň nämelerden ybaratdygy barada takyk maglumat berilmedi.

Ýaňy-ýakynda ýurduň energetika pudagynyň ýolbaşçylaryndan başga-da käbiri tankyt edilipdi.

28-nji dekabrda Türkmenistanyň energetika ministri Myrat Artykowa we Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Rozymyrat Seýitgulyýewe “energetika pudagynyň işine gözegçiligi gowşadandygy” sebäpli käýinç berildi.

Goýberilen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, bu ýolbaşçylaryň işden boşadyljakdygy duýduryldy.

Elektrik togy bolmandy

Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda birnäçe günläp elektrik togy bolmandy. Ýerli ýaşaýjylar, hususan-da, Maryda azyndan iki günläp elektrik togunyň bolmanlygyny Azatlyk Radiosyna habar beripdiler.

Ýurtdan gowşan maglumatlarda elektrik togunyň kesilmeginiň ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş ulgamlarynyň işiniň durmagyna getirendigi habar berlipdi.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanyň prezidenti ikinji ýanwarda eden çykyşynda ýurtda energetika sistemasynyň yzygiderli we netijeli işlemeginiň üpjün edilmegini talap edipdir.

Habar berlişine görä, energetika ministri Artykowa Mary şäherine baryp, elektrik stansiýasynyň işindäki kemçilikleri aradan aýyrmak, şeýle-de Mary döwlet elektrik stansiýasynyň territoriýasynda täze stansiýany gurmak we Aşgabatda, Änewde, Hojambaz etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň Zergär obasynda täze podstansiýalary gurmak boýunça teklipleri taýýarlamak tabşyrylypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG