Sepleriň elýeterliligi

Belli aýdymçy Patti Peýj 85 ýaşynda ABŞ-da aradan çykdy


“Tennessee Waltz” aýdymy bilen meşhurlyk gazanan Patti Peýj Kalifornýada 85 ýaşynda aradan çykdy. Ol täze ýyl güni ABŞ-nyň Ensinitas şäherinde aradan çykdy. Bu barada aýdymçynyň metbugat wekili habar berýär.

Peýjiň 100 müňden gowrak aýdym-saz albomy satyldy. Ol 1950-nji ýyllarda iň köp albom satan aýal aýdymçylaryň biri hasaplanýar.

Onuň “Tennessee Waltz” aýdymy 1950-nji ýyllarda iň köp diňlenýän aýdymlaryň sanawynda bolupdy. Ondan başga hem Peýjiň iň meşhur aýdymlarynyň arasynda “(How much is that) Doggie in the Window” we “Allegheny Moon” dagylary bar.
XS
SM
MD
LG