Sepleriň elýeterliligi

Obama maliýe plany baradaky kanuna gol goýdy


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň ykdysadyýetini “howply çäkden” geçirmezlige gönükdirilen karara gol goýdy. Bu barada Ak tam habar berýär.

Bu kanun salgytlary ýokarlandyryp, çykdajylary azaltmagy göz öňünde tutýar. Ol 1-nji ýanwarda Kongresiň iki palatasyndan hem geçipdi. Oňa görä, baý amerikanlylara salynýan salgytlar artdyrylyp, orta gatlagyň salgytlaryny hem kemeltmek göz öňünde tutulýar.

Ykdysadyýetçileriň bellemegine görä, eger-de göz öňünde tutulýan çäreler başa barmasa, onda ABŞ-nyň maliýe ýagdaýy ýene durgunlyga uçramagy mümkin.
XS
SM
MD
LG