Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Korrupsiýada "ýylyň şahsyýeti"


Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew
Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew
Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan "Transparency International" guramasy 2012-nji ýyla degişli hasabatynda dünýädäki ýurtlaryň üçden ikisini "ýokary derejede korrumpirlenen" ýurtlar diýip atlandyryp boljakdygyny aýdypdy. Onsoň bir adamy korrupsiýada özüni tanadan "ýylyň şahsyýeti" diýip atlandyrmak aňsat bolmajaga meňzeýär.

Ýöne barlagçy žurnalistlerden durýan hökümete degişli däl bir gurama bu işi edipdir.

Saraýewoda we Buharestde ýerleşýän "Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa raporty proýekti" (GJKRP) birinji orny Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewe berýär.

Gündogar Ýewropadan başlap, Orta Aziýa çenli bolan regionda bolýan korrupsiýa işlerini ile ýetirmek barada ýöriteleşen topar korrupsiýada "abraýly" atlary hem sanap geçýär. Bularyň arasynda Kosowada doglan, çilim we neşe gaçakçysy Naser Kelmendi, Montenegronyň premýer-ministri Milo Djukanowiç, ors prezidenti Wladimir Putin we Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow-da bar.

Alyýyew "birinji"

Ýöne "GJKRP" "oňat dokumentleşdirilen subutnamalara esaslanyp, birinji orny Alyýewe berýär.

"Prezident Alyýewiň, onuň maşgalasynyň we ýakyn töweregine degişli adamlaryň köp sanly gizlin söwdalarda eli bar. Bulary Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy bilen birlikde biz paş etdik. Biz, mysal üçin, Panamadaky ýa Çeh respublikasyndaky gizlin kompaniýalaryň Azerbaýjanda birinji maşgala degişlidigini anykladyk. Olaryň bu kompaniýalaryň üsti bilen Azerbaýjanda edinen baýlyklaryny-da anykladyk" diýip, "GJKRP" toparynyň ýerine ýetirji direktory Paul Radu aýdýar.

Radu şular ýaly raportlara mümkinçilik berýän täze gurallara umytly garaýar. Ol öz toparynyň şotlandiýaly kompýuter hakeri Dan O'Huiginn bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdýar:

"Ol häzir ”Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa raporty proýektinde” biziň bilen hyzmatdaşlyk edýär. Panamanyň kompaniýalary hasaba alýan edarasynyň kompýuterinden bu atlary çykaran şol. Biz bu kompaniýalaryň eýeleriniň Alyýewiň gyzlary we aýalydygyny şeýdip anykladyk".

Ýöne Radu Alyýewiň maşgalasy barada berlen bular ýaly hasabatlaryň garaşylan netijerleri bermändigini hem sözüniň üstüne goşýar.

Muňa garamazdan, "GJKRP" toparynyň redaktory Drew Sulliwan 2012-nji ýylyň guramaçylykly jenaýatçylygy we korrupsiýany paş edýänler üçin amatly ýyl bolandygny belleýär.

”Guramaçylykly jenaýatçylyk we korrupsiýa raporty proýektiniň” çykarýan sanawyndan maksat - jenaýatyň we korrupsiýanyň global zyýanlaryny aýan etmek. Bu toparyň sanawyndaky adamlaryň aglabasynyň daşary ýurtlar bilen şübheli hem gümürtik ilteşikleri bar.

"Sanawda, mysal üçin, Darko Sadiç ýaly adamlar bar. Ol neşe gaçakçylygynda giňden tanalýan adam. Bular ýaly adamlar Balkanlardan daşarda kän tanalmaýar. Aslynda bolsa, olar dürli kontinentleri öz içine alýan giň gerimli ulgamlaryň bir bölegi. Mysal üçin, şu adamyň Argentinadan Balkanlara gelýän kokain gaçakçylygynda eli bar" diýip, Radu aýdýar.

Radu Balkanlarda we öňki Sowet Soýuzynda iş alyp barýan guramaçylykly jenaýatçylygyň Meksikada barýan neşe urşunda, Afrikanyň garyp ýurtlaryndan ogurlanýan resurslarda hem eliniň bardygyny belleýär.
XS
SM
MD
LG