Sepleriň elýeterliligi

Owgan tussagy türmede aýalyny öldürmekde aýyplanýar


Owgansytandaky bir türmäni içi

Owgansytandaky bir türmäni içi

Öz aýalynyň maşgala agzalaryny öldürmekde aýyplanyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen owgan tussagy häzirki wagtda öz yzyndan türmä görme-görşe baran ýaş aýalyny bogup öldürenlikde güman edilýär.

Samangan welaýatynyň demirgazygyndaky türmede tussaglykda saklanýan Din Mohammed 1-nji ýanwarda özüni görmäge baran aýalyny öldürmekde aýyplanýar. 2009-njy ýylda Mohammede öz gaýnenesini, aýalynyň oglan jigisini we gyz jigisini rehimsizlik bilen öldürenligi zerarly ýyl kesilipdi.

Samangan welaýatynyň polisiýa müdiri Akram Bikzadyň aýtmagyna görä, Mohammediň 18 ýaşly aýaly, welaýatyň paýtagty bolan Aýbakdäki türmede adamsyny görmäge barypdyr. Şondan soň ol tussaglaryň ýakyn maşgala agzalaryny görmekleri üçin ulanylýan ýörite otagda öli tapylypdyr.

Polisiýa edarasynyň ýerli ýolbaşçysy Bikzad: “Deslapky barlaglaryň netijesine görä, Mohammed öz aýalyny bogupdyr we soňundan hem ony asypdyr” diýip aýtdy. Mohammediň bir ogly bar.

Bikzadyň aýtamgyna görä, bu jenaýat Mohammede, onuň aýalynyň beýleki bir adam bilen nikasyz gatnaşykda bolýandygy barada aýdylandan soň amala aşyrylypdyr. Samangan welaýatynyň polisiýa müdiri Akram Bikzad bu barada şeýle gürrüň berýär: “Onuň aýaly ony takmynan her bäş günden bir gezek görmäge gelýärdi. Ýaňy-ýakynda Mohammediň ejesi, oňa aýalynyň bikanun iş edýändigini aýdypdyr. Onsoň ol türmä adamsyny görmäge baranda, Mohammed bu pursatdan peýdalanyp, aýalyny bogup öldürýär. Maşgalalaryň tussaghanadaky ýakynlaryny görmäge bir sagat rugsat berilýär”.

1-nji ýanwarda Mohammediň ejesi şäheri terk etmäge synanyşýan wagty tussag edilipdir we häzirki wagtda sorag-jogaba çekilipdir. Bu barada polisiýa müdiri habar berýär.

Ölüm jezasy

Bikzad Mohammediň öz aýalynyň maşgala agzalaryndan üçüsini öldürmekde günäli tapylyp, 20 ýyllyk tussaglyk jezasyny “ýumşak” diýip häsiýetlendirýär we eger indi ol özüniň aýalyny bogup öldürmekde günäli tapylsa, onda onuň ölüm jezasyna höküm edilmeginiň mümkindigini aýdýar.

Aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy aktiwist we demirgazyk Baglan welaýatyndan parlamentiň agzasy Najia Aýmak amala aşyrylan bu ölümli wakany ýazgardy we Mohammede ölüm jezasynyň berilmelidigini aýtdy: “Haçan-da bu adam (Mohammed) üç ýyl öň üç adamy öldürende, dolandyrjylar adalatly höküm çykarmandyrlar. Bu ýagdaý oňa gaýtadan adam öldürmäge ýol açdy. Biz adalat işgärleriniň özleri bu jenaýat işini yzarlap, jenaýatça adalatly jeza bererler diýip umyt edýäris”.

Adamlaryň adalatyň hökümi bilen ölüm jezasyna höküm edilmegi Owganystanda kanuny hasaplanýar we bu höküm: terrorizm bilen meşgullananlara, nikasyz jynsy gatnaşyk edenlere, adam öldürmekde günäli tapylanlara garşy ulanylyp bilinýär.

Muňa garamazdan, adam öldüreni üçin günäkäre ölüm jezasynyň berilmegi seýrek duş gelýän ýagdaý. Jenaýatçylaryň köpüsi türme tussaglygyna höküm edilýär. Ýöne ölüm jezasyna höküm edilmek standart bir jeza çäresi bolman, jeza çäresi her bir amala aşyrylan jenaýata görä üýtgäp bilýär.

Gürrüňi edilýän waka ”namysy goramak” ady bilen aýallaryň öldürilmegi ýaly wakalaryň barha artyp barýan pursatyna gabat geldi.

Owganystanyň adam hukuklaryny goraýan garaşsyz komissiýasy şu ýylyň mart hem-de oktýabr aýlary aralygynda, ýagny ýedi aýyň dowamynda, aýallara garşy bolan 4010 sany zorluk çärelerini hasaba alypdyr. Bu öňki 12 aý bilen deňeşdireniňde takmynan iki esse köp.

Komissiýa ”namysy goramak” üçin adam öldürmeleriň barha artýandygyny belläp, aýallara garşy edilýän zorluklaryň iň ýaýran görnüşiniň olary ýençmekden ybaratdygyny aýdýar.

Dekabr aýynda BMG aýallary we gyzlary zorluklardan goramakda käbir ösüşleriň bolandygyny belläp, Owganystanyň “bu barada uzak ýoly geçmelidini” duýdurdy.
XS
SM
MD
LG