Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Damaskdaky partlamada azyndan 9 adamyň ölendigi habar berilýär


Siriýaly aktiwistler penşenbe güni giçlik Siriýanyň paýtagty Damaskdaky ýangyç stansiýalarynyň birinde amala aşyrylan partlamada azyndan dokuz adamyň ölendigini habar berýärler.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi şeýle partlamanyň bolandygyny habar berse-de, çekilen ýitgiler barada häzirlikçe anyk maglumat bermedi.

Maglumata görä, bu wakada ýangyç stansiýasynda nobata duran ulaglaryň arasyndaky bir maşyna ýerleşdirilen bomba partladylypdyr. Bu partlamanyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.

Birleşen Milletler Guramasy 2011-nji ýylyň martynda Siriýada halk protestleriniň başlanaly bäri bu ýurtda 60 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG