Sepleriň elýeterliligi

Malala Ýusufzaý Britaniýanyň keselhanasyndan çykdy


Geçen ýylyň oktýabrynda talybanlar tarapyndan atylyp ýaralanan pakistanly 15 ýaşly Malala Ýusufzaý anna güni Britaniýanyň keselhanasyndan çykdy.

Malala Ýusufzaý Birmingham şäheriniň keselhanasynda birnäçe aýlap bejergi aldy. Onuň indi öz ene-atasynyň Britaniýadaky wagtlaýyn jaýynda saglygyny dikeltmegini dowam etdirjekdigi habar berilýär.

15 ýaşly Malala Ýusufzaý 2012-nji ýylyň oktýabrynda özüniň internetde blog ýazyp, alyp barýan aktiw işi üçin talybanlar tarapyndan atylyp, agyr ýaralanypdy.

2009-njy ýylda onuň Pakistanyň Swat jülgesinde talybanlaryň amala aşyrýan zalymlyklary barada BBC habar gullugy üçin ýazan blogy uly meşhurlyga eýe bolupdy. Pakistanyň hökümeti ýakynda Malala Ýusufzaýyň kakasyna Britaniýadan diplomatik iş berdi.
XS
SM
MD
LG