Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Berdimuhamedow täze kanunlaryň birnäçesine gol çekdi


Penşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Mejlis tarapyndan kabul edilen birnäçe täze kanuny we kanunlara üýtgetmeleri tassyklap, gol çekdi.

Prezident tarapyndan gol çekilen we metbugatda çap edilen täze kanunlaryň hatarynda “Türkmenistanyň sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş Döwlet gullugy” hakyndaky, “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri” hakyndaky, “Ätiýaçlandyryş” hakyndaky we “Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýeti” hakyndaky kanunlar-da bar.

Mundan daşary, prezident Türkmenistanyň ozalky kanunlarynyň-da birnäçesine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek baradaky kararlara-da gol çekdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu ädimleri ýurduň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna hem-de halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen görülýän çäreler hökmünde düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG