Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde doglan amerikaly ýigit orsýet kanunyna garşy çykýar


Orsýetde doglan amerikaly Aleksandr De Jaýmus Killimanjaro dagynda
Orsýetde doglan amerikaly Aleksandr De Jaýmus Killimanjaro dagynda

Aleksandr De Jaýmus aýaklary dogabitdi şikesli adam, ol Orsýetde dünýä inen. Onuň durmuşda gazanan üstünlikleriniň biri Kilimanjaro dagyna çykmagydyr. Ol amerikan maşgalasyna alynmagynyň öz üstünliklerine ýol açandygyny aýdýar. Aleksandr ýakynda Orsýetde girizilen täze gadagançylyklar bilen göreşmäge taýýardygyny mälim edýär.

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň kollejiniň studenti 21 ýaşly Aleksandr De Jaýmus özüne miýesser eden mümkinçiliklerden peýdalanmaga köp adamyň mynasypdygyny adýar. Aleksandryň geýýän aýakgaplary oňa geçen ýylyň bahar aýlarynda Kilimanjaro dagyna çykmaga mümkinçilik beripdi. Emma Aleksandr alty ýyl mundan öň Orsýetiň ýetimler öýünde ýaşaýarka, onuň aýakgaby ýokdy, sebäbi aýagy ysmaýan çaga aýakgabyň peýdasy degmeýärdi.

Aleksandr amerikan maşgalalary tarapyndan Orsýetden ogulluk alnan we soňky hepdelerde protest bildirip çykyş edýän maýyplaryň biri. Ýakynda Orsýet ýurduň maýyp çagalarynyň amerikan maşgalalary tarapyndan ogullyk ýa gyzlyk alynmagyny gadagan edýän kanuny kabul etdi.

Aleksandr bu kanunyň adam hukuklaryny depeleýändigini aýdýar.

Aleksandr her bir çaganyň, nirede bolsa-da, maşgalaly bolmaga haklydygyny bellemek bilen, orsýetli çagalary amerikan maşgalalarynda ýaşamak mümkinçiliginden mahrum edýän kanuny kabul eden Orsýetiň milletçi syýasatyny alyp barýandygyny aýdýar. Aleksandr bu kanuny logiki taýdan ýalňyş we ahlaksyz diýip atlandyrýar.

Orsýetiň kanuny

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putinyň 28-nji dekabrda gol çeken kanuny müňlerçe adamyň ykbalyny näbelli ýagdaýa saldy. Orsýetiň 700 müňe golaý ýetim çagalary üçin amerikan maşgalalarynyň gapylary ýapyldy. 1992-nji ýyldan bäri amerikan maşgalalary 60 müňden gowrak orsýetli çagany, şol sanda maýyp çagalary aldylar. Soňky ýyllaryň dowamynda orsýetli çagalaryň aglaba köpüsi hut amerikan maşgalalary tarapyndan alnypdy.

Täze kanun amerikaly maşgalalar tarapyndan alynýan orsýetli çagalary zorlukdan goramak maksadyna gönükdirilen hem bolsa, ol ilkinji nobatda ABŞ tarapyndan dekabr aýynda kabul edilen kanuna Orsýetiň jogabydyr.

Amerin kanuny 2009-njy ýylda Orsýetiň türmesinde ýogalan ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine sebäpkär bolan orsýetli resmilere garşy sanksiýalary göz öňünde tutýar.

Aleksandryň ýüzlenmesi

Aleksandr De Jaýmus Orsýetiň parlamenti amerikan maşgalalary üçin gadagançylyk baradaky kanuny kabul eden badyna, herekete geçmek kararyna gelipdir. Onuň 20-nji dekabrda internetde ýerleşdiren ýüzlenmesi bir hepdäniň dowamynda 11 müň adam tarapyndan gollandy.

26-njy dekabrda Paralimpiýa öýunlarynyň altyn medalisti, Orsýetde doglan Tatýana Makfadden bu ýüzlenmäni Orsýetiň Waşingtondaky ilçihanasyna gowşurdy.

Aleksandr De Jaýmus Putine eden ýüzlenmesinde öz durmuşyny mysal hökmünde getirdi we munuň Orsýetde kabul edilen kanunyň ýalňyşdygyny görkezýän “iň gowy subutnamadygyny” aýtdy.

Aleksandryň sözlerine görä, çaganyň maýyplygy sebäpli ene-atasy ony keselhanada taşlap gidipdirler. Onuň saklanýan ýetimler öýünde 100-e golaý çaga bardy we olaryň ählisi dürli şikeslerden ejir çekýärdi. Çagalar gyşyna sowuk jaýda, tomusda suwsuz, arassaçylyk üçin zerur şertleriň ýetmezçiliginde saklanýardy. Çagalar söýginiň nämedigini bilmändi.

Häzir ABŞ-da ýaşaýan Aleksandr De Jaýmus öz ýüzlenmesinde “men çagakam bagtly durmuşda ýaşajagyma umyt ýokdy. Meniň ömrüm döwlet keselhansynda geçer diýip pikir edipdim” diýip ýazýar.

Halkara gatnaşyklary boýunça bilim alýan Aleksandr, okuwyny gutaransoň, amerikan-orsýet gatnaşyklary ugrundan işlemek isleýär.

XS
SM
MD
LG