Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Transocean” Meksika aýlagyndaky waka üçin 1.4 milliard dollar tölär


Anna güni düýp edarasy Şweýsariýada ýerleşýän “Transocean” kompaniýasy 2010-njy ýylda Meksika aýlagynda nebit turbasynyň ýarylyp, deňziň suwuny hapalamagy bilen baglanyşykly özüniň 1.4 milliard dollar jerime tölemäge öz razylygyny berendigini mälim etdi.

Jerimäniň möçberi bu kompaniýanyň Birleşen Ştatlaryň hökümeti bilen gelen özara ylalaşygyna laýyklykda kesgitlenilipdir.

2010-njy ýylyň aprelinde Meksika aýlagynda nebit turbasynyň ýarylmagy bilen baglanyşkly bu waka “Transocean” kompaniýasynyň bu aýlagda “Britiş Petroleum” kompaniýasyna degişli bir nebit ýatagynda buraw işlerini geçirýän wagty ýüze çykypdy.

Şonda nebit skwažinasynyň partlamagy netijesinde 11 sany işgär ölüpdi we Meksika aýlagynyň suwy uly gerimde hapalanypdy.
XS
SM
MD
LG