Sepleriň elýeterliligi

Tähran: Howanyň hapalygy üçin edaralar we mekdepler ýapyldy


Anna güni Tähranyň häkimiýetleri bu şäherde howanyň çakdanaşa ýokary hapalygy zerarly şäherdäki mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň we hökümet edaralarynyň wagtlaýynça ýapylmagyna görkezme berdi.

Eýranyň bu prowinsiýasynyň gubernatory Morteza Tamadonyň karary bilen diňe paýtagtdaky adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklaryň hem-de medisina hyzmatlarynyň işlemeklerine rugsat berildi.

Eýranyň ISNA habar agentligi hatda futbolçylaryň saglygyny goramak üçin anna güni paýtagtdaky futbol ýaryşlarynyň-da ýatyrylandygyny habar berýär.

Eýranyň paýtagty Tähran howanyň hapalygy boýunça dünýädäki iň ýaramaz ýurtlaryň hatarynda durýar. Spesialistler munuň sebäbini şäherde köne dwigateller bilen işleýän çakdanaşa köp maşynyň ulanylýandygy bilen düşündirýärler.
XS
SM
MD
LG