Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň bildiren aýyplamasyndan soň, şweýsar banky ýapylýar


Şweýsariýanyň iň bir köne banklaryndan biri bolan “Wegelin & Co” banky Birleşen Ştatlarda özüne bikanun salgyt galplyklaryna gatnaşanlykda bildirilen aýyplamalaryň yzy bilen bu bankyň bütinleýin ýapyljakdygyny yglan etdi.

Penşenbe güni Nýu-Ýork şäheriniň federal sudunda Şweýsariýanyň bu banky Birleşen Ştatlaryň ýüz töweregi raýatyna uly möçberdäki salgytlardan gizlenmäge ýardam berendigini boýun aldy.

Nýu-Ýorkuň sudy Şweýsariýanyň “Wegelin & Co” bankyny soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda amerikan raýatlaryna 1.2 milliard dollarlyk salgytlary gizlemäge ýardam berenlikde günäli tapdy.

Sud munuň üçin bu banky 58 million dollar jerime tölemeklige borçly etdi. Şweýsariýanyň “Wegelin & Co” banky 1741-nji ýylda esaslandyrylypdy.
XS
SM
MD
LG