Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žerar Depardýe Orsýetiň raýatlygyny almak isleýändigini aýdýar


Habar agentlikleriniň maglumatyna görä, fransiýaly dünýä belli aktýor Žerar Depardýe özüniň Orsýetiň raýatlygyny almak barada Orsýetiň häkimiýetlerine ýüz tutandygyny tassyklapdyr.

Orsýetiň 1-nji telekanaly penşenbe güni Žerar Depardýeniň raýatlyk baradaky haýyşynyň prezident Wladimir Putin tarapyndan kabul edilmegine öz hoşallygyny bildirip Orsýetiň mediasyna ýörite açyk hat ýazandygyny-da tassyklady.

Maglumata görä, bu açyk hatynda fransiýaly aktýor prezident Wladimir Putine “ýerlikli” lider hökmünde baha berip, oňa çuňňur hormat goýýandygyny nygtapdyr.

Şeýle hem, ol Orsýetiň “ägirt uly demokratiýa eýedigini” aýdyp, “Orsýetde ýaşamaklygyň gowy boljakdygyny” belläpdir. Soňky wagtlar aktýor Žerar Depardýe Fransiýanyň salgyt syýasaty bilen baglanyşykly bu ýurduň häkimiýetleri bilen belli bir dawalara girdi.
XS
SM
MD
LG