Sepleriň elýeterliligi

Ugo Çawesiň saglygy barada anyk zat az


Prezident Ugo Çawes paýtagt Karakasda hökümet maslahatynda gitara çalyp, aýdym aýdýar. Karakas, 20-nji sentýabr, 2012.

Prezident Ugo Çawes paýtagt Karakasda hökümet maslahatynda gitara çalyp, aýdym aýdýar. Karakas, 20-nji sentýabr, 2012.

Wenesuelada, hökümetiň aýtmagyna görä, prezident Ugo Çawes dem alyş organynda dörän “agyr” infeksiýadan ejir çekýär. 58 ýaşly lideriň rak keseli zerarly agyr ýagdaýdadygy aýdylýar. Onuň bu keseliň nähili görnüşinden ejir çekýändigi barada maglumat ýok.

Ýurduň informasiýa ministri Ernesto Willegas prezident Ugo Çawesiň saglyk ýagdaýy barada hökümet tarapyndan çykarylan bir beýannamany penşenbe güni giçlik telewideniýe arkaly halka ýetirdi.

Ol şeýle diýdi: “Öten dekabryň 11-inde, operasiýa edilenden soň, serkerdebaşy Çawes agyr öýken infeksiýasy zerarly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu infeksiýa dem ýetmezçiligine getirdi. Bu hem serkerdebaşy Çawesiň güýçli bejergi almagyny talap edýär”.

Beýannamada Çawesiň saglyk ýagdaýy barada berilýän jikme-jik maglumat ýok.

Prezident Çawese geçen 18 aýyň içinde dört gezek operasiýa edildi. Şöhle terapiýasy netijesinde ysgyny gowşandygyna garamazdan, sosialist prezident öten oktýabrda alty ýyl möhlet bilen ýene bir gezek bu wezipä saýlandy.

Ugo Çawes 11-nji dekabrda özüne Kubada operasiýa edileli bäri jemgyýetçiligiň öňüne çykanok.

Oppozisiýa talap edýär

Wenesuelanyň oppozisiýasy prezident Ugo Çawesiň saglyk ýagdaýy barada dolurak maglumatyň berilmegini talap edýär.

Ýöne hökümet öz beýannamasynda Çawesiň saglygyna seredýän medisina toparyna ynam bildirip, halkara mediasyny Wenesuelany durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen Çawesiň saglyk ýagdaýy barada “psihologik uruş” alyp barýanlykda aýyplady.

Wize-prezident Nikolas Maduro Gawananyň keselhanasynda Çawesiň ýanyna barandan soň şeýle diýdi: “Prezident özüniň nähili ýagdaýdadygyny bilýär. Bu bir çylşyrymly ýagdaý. Ol öz alyp barýan göreşiniň nähili göreşdigini bilýär. Prezident hemişe özüne mahsus bolan güýç, energiýa, ynam we howpsuzlyk bilen hemişekisi ýaly söweşjeň ruhy ýagdaýda”.

Çawesiň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy ol prezidentlik üçin 10-njy ýanwarda geçmeli kasam edişlik dabarasy üçin Wenesuela dolanyp bilermi diýen soragy-da oýardy.

Ýöne ýurduň resmileri halky prezident ölüm ýassygynda ýatyr diýen myş-myşlara üns bermezlige çagyrdylar.

Çawes ölse ýa prezidentlikden çekilse, 30 günüň içinde täze saýlawlar geçirilmeli. Beýle bolan ýagdaýynda hem sosialistik partiýa tarapyndan kandidat hökmünde Maduro saýlawa gatnaşar.
XS
SM
MD
LG