Sepleriň elýeterliligi

Kosowa Serbiýanyň prezidentiniň saparyna ýol bermejegini aýdýar


Şenbe güni Kosowanyň premýer-ministri Hajredin Kuçi Kosowanyň hökümetiniň Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliçe Kosowadaky serbleriň ýaşaýan regionyna sapar etmekligi gadagan edendigini aýtdy.

Maglumata görä, Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç prawoslaw hristianlaryň Kristmas baýramçylygyna gabatlap, Kosowadaky etniki serbleriň ýaşaýan regionyna sapar etmekligi planlaşdyran eken. Serbler bu dini baýramçylygy 7-nji ýanwarda belläp geçýärler.

Kosowanyň premýer-ministri Hajredin Kuçi Serbiýanyň prezidentiniň saparyna rugsat berilmezden ozal onuň Kosowanyň resmilerine Serbiýanyň günortasyndaky etniki albanlaryň ýaşaýan regionyna sapar etmeklerine ýol açmalydygyny nygtady.

Anna güni Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç özüniň Kosowa sapar etmek baradaky haýyşyna Ýewropa Bileleşiginiň Kosowadaky ýörite güýçleriniň hiç hili jogap bermeýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt etdi.
XS
SM
MD
LG