Sepleriň elýeterliligi

Maduro prezident Çawesiň wezipesini dowam etdirjekdigini aýdýar


Şenbe güni Wenesuelanyň wise-prezidenti Nikolas Maduro prezident Ugo Çawesiň öz keseli zerarly hatda 10-njy ýanwarda prezidentlige kasam edişlik çäresine gatnaşyp bilmedik halatynda-da, onuň ýurda ýolbaşçylygyny dowam etdirjekdigini aýdyp, çykyş etdi.

Ol ýurduň konstitusiýasynyň Ugo Çawesiň kasam edişlik çäresiniň yza süýşürilmegine mümkinçilik berýändigini belledi.

Wise-prezident Nikolas Maduro 10-njy ýanwarda Ugo Çawesiň prezidentlige kasam edip bilmedik halatynda onuň ornuny wagtlaýynça Wenesuelanyň Milli Assambleýasynyň spikerinie eýelemelidigi barada oppozisiýanyň eden talaplaryny ret etdi.

Wenesuelanyň prezidenti Ugo Çawes 11-nji dekabrda özüne rak keseli bilen baglanyşykly Kubada edilen soňky operasiýadan bäri jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolmady. Ýurduň häkimiýetleri onuň dem alyş ýollaryndaky çynlakaý bir infeksiýadan ejir çekýändigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG