Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ýylyň ilkinji hökümet maslahaty geçirildi


Anna güni prezident G.Berdimuhamedow täze ýylda ilkinji hökümet maslahatyny geçirdi. Onda käbir pudak ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlendi we käbir täze dokumentleriň taslamalaryna garaldy.

Hökümet maslahatynda şu 2013-nji ýylyň ýakyn birnäçe aýynda geçiriljek möhüm çärelere, şol sanda 12-nji ýanwarda belleniljek Hatyra güni, 21-23-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda gurnaljak sergisi we 21-nji martda bellenilip geçiljek Nowruz baýramçylygy ýaly çärelere görülýän taýýarlyklar barada-da gürrüň edildi.

Hökümet maslahatynyň dowamynda prezident G.Berdimuhamedow ýurduň medeniýet pudagyny we media guramalarynyň işini kämilleşdirmek meselesine has-da ýokary üns bermek barada wise-premýer Bägül Nurmyradowa görkezmeler berdi.
XS
SM
MD
LG