Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazagystan: Jemgyýeti alada goýýan serhetli meseleler


Gazagystanyň günorta serhet zastawalaryndan biriniň golaýynda. Gazagystan, awgust, 2012.

Gazagystanyň günorta serhet zastawalaryndan biriniň golaýynda. Gazagystan, awgust, 2012.

Territoriýa taýdan dünýäde dokuzynjy orunda durýan Gazagystanyň uzynlygy 12.000 kilometrlik serhediniň howpsuzlygyny goramak hiç haçan hem aňsat bolan däldir. Emma 2012-nji ýylda Gazagystan bu ugurda dürli kynçylyklary başdan geçirdi. 14-nji maýda hytaý-gazak araçäginde ýerleşýän harby bölümde 14 sany serhetçi atylyp öldürildi we olaryň bazasy ýapyldy.

Bu waka bilen baglanyşykly 19 ýaşly esger Wladislaw Çelak gyrgynçylykda aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu waka gazak serhet gullugynda ençeme ýolbaşçynyň wezipesinden kowulmagyna sebäp boldy. Gullugyň ýolbaşçysy general-maýor Nuržan Myrzalyýew wezipesinden çekildi.

Onuň ornuna wezipä bellenen polkownik Turganbek Stambekow bolsa problemaly punktlarda reformalary geçirmäge buýruk berdi.

Çimkent şäheriniň golaýynda bolan uçar heläkçiliginde uçaryň ähli 27 ýolagçysy, şol sanda serhet gullugynyň başlygy Turganbek Stambekow hem heläk boldy.

Çimkent şäheriniň golaýynda bolan uçar heläkçiliginde uçaryň ähli 27 ýolagçysy, şol sanda serhet gullugynyň başlygy Turganbek Stambekow hem heläk boldy.

Emma 25-nji dekabrda Stambekow özbek araçäginden demirgazykdaky Çimkent şäherinde bolan uçar heläkçiliginde ýogaldy. Şol wakada uçaryň ähli 27 ýolagçysy, şol sanda Stambekowyň aýaly Saule, şeýle hem serhet gullugynyň 20 sany ýokary wezipeli işgäri-de heläk boldy.

Penşenbe güni Almaty şäherinde geçirilen ýas çäresinde Gazagystanyň milli howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçysy Nurtaý Abakaýew Gazagystanyň araçäklerini goramaklykda Stambekowyň eden aladasy hakda şeýle diýdi: “Biziň ählimiz polkownik Stambekowyň durmuşy, onuň şahsy we professional ukyplary barada bilýäris. Stambekow döwlet araçäklerini 10 ýyldan gowrak gorapdy we serhet araçäginiň ýolbaşçysynyň orunbasary wezipesinden serhet gullugynyň ýolbaşçysy wezipesine adalatly getirilipdi”.

“Wyždansyz oýunlar ýok”

Gazak resmileri uçar heläkçiliginde hiç hili wyždansyz oýunlaryň ýokdugyny aýdýarlar. Milli howpsuzlyk komitetiniň ýolbaşçysy Nurtaý Abakaýew gazagystanlylary Çimkentdäki waka bilen maý aýyndaky gyrgynçylygyň arasynda baglanyşyk gurmakdan gaça durmaga çagyrdy.

Her niçigem bolsa, soňky betbagtçylyk Gazagystanyň serhet gullugyndaky kynçylyklary täzeden ýatladýar. Gazagystanyň Türkmenistan, Özbegistan Gyrgyzystan, Orsýet, Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom regiony, şeýle hem Kaspiý deňzi bilen araçägi bar.

Serhet polisiýasy araçäkdäki söwda gatnaşygyna gözegçilik etmekde esasy rol oýnap, dürli gaçakçylyklara gözegçilik etmek, şol sanda Owganystandan getirilýän bikanun neşe gaçakçylygynyň öňüni almak üçin iş alyp barýar.

Emma Gazagystan 17 million ilaty we giň territoriýasy bilen özüniň araçäklerini doly goramakda kynçylyk çekip gelýär. Gazagystanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki başlygy Tölegen Žukeýew Gazagystanyň serhet liniýalaryny “elek” diýip suratlandyrýar.

Köplenç beýleki gümrük gullukçylary we kanun goraýjy organlaryň işgärleri bilen işleşýän serhet goraýjylar korrupsiýa baş goşmaga meýilli diýlip hasaplanylýar. Şeýle hem, olar bikanun ýollar bilen gelýän girdejiler ugrunda özara bäsleşýän agentlikler bilen ogurlyklara şärik bolýar diýlip çaklanylýar.

Bu garaýyşlar esasan hem gazak-hytaý serhedindäki ýagdaýlara gabat gelýär. Gazagystanyň orta girdejili ilatynyň öý-hojalygynda peýdalanýan harytlarynyň 80 prosenti Hytaýda öndürilen önümlerden ybarat.

Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki ýolbaşçysy Nartaý Dutbaýewiň aýtmagyna görä, söwdegärleriň köpüsi kanuny gümrük salgydyny tölemegiň deregine serhetde para bermegi gowy görýärler, gümrük salgytlary bolsa çakdanaşa ýokary

Ol: “Serhet goraýjylar biziň araçäklerimizi goramak bilen, serhetden geçýän adamlaryň we ulaglaryň biziň kanunlarymyza laýyklykda hereket edýänligini kepillendirýärler. Olaryň borçlary araçäkde gerek bolan dokumentleri, wiza we şoňa meňzeş zatlary bermekden ybarat bolmaly. Serhet goraýjylaryň boýnuna kontrabanda bilen bagly goşmaça işleri ýüklemäge zerurlyk ýok. Beýle işler üçin biziň gümrük resmilerimiz we maliýe boýunça polisiýamyz bar. Beýle jenaýat işleri bilen şolar iş salyşmaly” diýip, öz garaýşyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG