Sepleriň elýeterliligi

Çäreler azalýar, emma çäreçiler azalanok


Çärä gatnaşýanlaryň borçlary diňe çäre geçirilýän güni bilen çäklenmän, olar köp halatlarda öňünden taýýarlanmak üçin birnäçe hepdeläp kadaly işden çetleşmeli bolýarlar.

Çärä gatnaşýanlaryň borçlary diňe çäre geçirilýän güni bilen çäklenmän, olar köp halatlarda öňünden taýýarlanmak üçin birnäçe hepdeläp kadaly işden çetleşmeli bolýarlar.

26-njy dekabrda ýurduň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çäreleriň tertibi çap edildi. Şoňa görä, ýanwar aýynda jemi 24 sany dürli görnüşli çäre geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

Bu bildirişdäki çäreleriň sanyndan çen tutulsa, geçen ýylyň beýleki aýlary bilen deňeşdirilende ýanwar has az köpçülik çäreleri geçirilýän aý bolar. Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, bu ýagdaý soňky döwürlerde ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çäreleriň azalmak tendensiýasynyň ýene bir alamaty.

Mundan öň dekabr aýynyň 12-nde “Bitaraplyk baýramy mynasybetli stadionlarda geçirilýän köpçülikleýin çäreler hem ýatyrylyp, diňe kiçi göwrümli käbir üýşmeleňler bilen çäklenilipdi.

Bu baýramçylyk öňler paýtagt bilen bir hatarda ähli welaýat merkezlerinde müňlerçe talypdyr mekdep okuwçylarynyň hem hökümet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýärdi.

Emma, köpçülikleýin çäreleriň sany azalsa-da, häzirki döwürde geçirilýän çärelere gatnaşdyrylýan adamlaryň sany o diýen azalmaýar. Hususan-da, ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşýan adamlaryň sany müňlerçe.

Olar, umuman aýdylanda, çärelere buýruk esasynda gatnaşmaly edilýärler. Bu çäreler gurnalanda, her edaradan näçe adamyň gatnaşdyrylmalydygy ýokary derejeli resmileriň buýrugy bilen kesgitlenýär.

Resmileşdirilen adam normalary

Azatlyk Radiosyna gowşan şeýle dokumentlerden birinde geçen ýylyň iýul aýynda geçirilen “Saglyk 2012” atly çärelere gatnaşmaly edilen adamlaryň sanawy görkezilýär.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarynyň goly bilen degişli edaralara iberilen buýrukda şol çärelere saglygy goraýyş edaralaryndan ýüzlerçe adam gatnaşmaly edilip, her edaranyň näçe adam ibermelidigi hem kesgitlenilýär.

Bu resmi dokumentde “Saglyk 2012” atly çärelere gatnaşmaly edilen adamlaryň sanawy görkezilýär.

Bu resmi dokumentde “Saglyk 2012” atly çärelere gatnaşmaly edilen adamlaryň sanawy görkezilýär.

2012-nji ýylyň 3-nji iýulynda gol goýlan şol dokumentde ençeme çäre hakda gürrüň edilip, olardan hersine haýsy edaranyň näçe işgär ibermelidigi we olaryň baran ýerlerinde özüňi nähili alyp barmalydygy ýaly jikme-jik maglumatlar berilýär.

Meselem, şol buýrukda Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirligine iýul aýnyň 19-nda göz öňünde tutulan bäş çärä jemi 495 adam, Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirligine bolsa 405 işgär ibermeklik tabşyrylypdyr.

Buýrukda “Ahal welaýaty saglygy goraýyş müdirliginiň 315 işgäri, 20-nji iýulda geçirilýän sergä tomaşaçy hökmünde gatnaşmaly” diýlip, anyk görkezmeler berilýär.

Işe we okuwa ýetirýän täsiri

Aýdylyşyna görä, bu ýagdaý döwlet edara-kärhanalarynyň öz işlerini kadaly dowam etdirmegine uly päsgelçilik döredýär. Çärä gatnaşýanlaryň wezipeleri diňe çäre geçirilýän güni bilen çäklenmän, olar köp halatlarda öňünden taýýarlanmak üçin birnäçe hepdeläp kadaly işden çetleşmeli bolýarlar.

Meselem, 2011-nji ýylda garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk “marşirowkalary” alty aý öňünden geçirilip başlanypdy. Geçen ýylam bu baýramçylyk repetisiýalary 1.5 aý öňünden başlady. Oňa hökümet isgärleri bilen bir hatarda müňlerçe ýokary hem orta mekdep okuwçylary-da gatnaşmaly bolupdyrlar.

Bu repetisiyalar yaňy-ýakynlykda täze ýyl baýramçylygy çärelerine gatnaşmak üçin hem geçirildi. Howanyň adatdakysyndan sowuk, günüň ýagyşly ýa garly bolmagyna garamazdan, şol repetisiýalara ýaş mekdep okuwçylarynyň hem gatnaşýandygyny görmek bolýardy.

Bu çäreler täze ýyl güni we agşamy paýtagt Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurduň Baş täze ýyl arçasynyň töwereginde geçirildi.

Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinden adynyň tutulmagyny islemedik bir mugallymyň aýtmagyna görä, repetisiýa gatnaşan çagalar okuwdan boşadylmaly edilipdir.

“Mundan başga-da, paýtagtyň mekdep okuwçylary, çagalar baglarynyň çagalary ýanwar aýynyň 1-nden tä 10-na çenli ýurduň Baş täze ýyl arçasyna gezekli-gezegine baryp, onuň daşyndan aýlanyp gaýtmaly edildi” diýip, bu mugallym aýtdy.

Täze ýylyň döreden aladalary

Täze ýyl bilen baglanyşykly çäreler diňe paýtagtda däl, welaýat merkezlerinde hem gurnaldy. Edil Asgabatdaky ýaly, ol çärelere hem müňlerçe adamyň gatnaşdyrylandygy, adamlardan ýüzlercesiniň bolsa bu çärelere gatnaşmak üçin oňünden taýýarlanmaly bolandygy aýdylýar.

Şol gün paýtagt Aşgabatda gar ýagyp, howanyň sowuk bolandygyna garamazdan, bu baýramçylyk çäreleri ýatyrylman, sagat 24.00-de baýramçylyk feýerwerkleri bilen tamamlandy. Çärä gatnaşmaly edilenler bolsa, bu şagalaň gutarýança meýdanda garaşmaly boldular.

Aşgabatda ýerleşýän ýokary okuw jaýlaryndan biriniň 3-nji kurs studenti Garýagdynyň aýtmagyna görä, ol eýýäm 3-nji gezek şeýdip täze ýyly garşylaýar: “Her ýyl şol bir zat gaýtalanyp dur. Çärä baryp, baýdak galgatmaly. Konserde tomaşa edýän tomaşaçynyň roluny oýnamaly”.

26-njy dekabrda ýurduň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çäreleriň sanawynda köpçülikleýin çärelerden 7 sanysy baýramçylyk dabaralary bolup, 3 sanysy sport ýaryşlaryndan ybarat bolar.

Şeýle-de, 10 sany dürli görnüşli we derejeli maslahatlardyr duşuşyklar geçiriler. 12-nji ýanwarda bellenilip geçilýän Hatyra gününiň öňüsyrasynda watançylyk tematikasyna degişli iki sany sergi hem gurnalar diýlip bildirişde aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG