Sepleriň elýeterliligi

Italiýanyň daglyklarynda alty sany orsýetli turist heläk boldy


Anna güni Italiýanyň Alp daglarynda orsýetli turistlerden altysy gar motosiklini sürmekde heläkçilige uçrap, wakanyň pidasy boldy. Bu wakada ýene iki sany turist agyr ýaralandy.

Bu waka Italiýanyň Trentino prowinsiýasyndaky Kermis daglyk raýonynda ýüz berdi. Italiýanyň habar agentlikleri bu wakada gar motisiklini sürüp barýan orsýetli turistleriň howply uçutdan ýykylandyklaryny habar berýär.

Bu heläkçilige uçran alty adamdan dördüsiniň erkek kişidigi we ikisiniň aýal maşgaladygy habar berilýär. Şeýle hem habar agentlikleri bu ölenlerden bäşisiniň Orsýetiň Krasnodar regionyndan baran turistlerdigini habar berýärler.
XS
SM
MD
LG