Sepleriň elýeterliligi

Fransiýaly belli aktrisa pilleriň öldürilmegine garşy çykýar


Fransiýaly ozalky belli aktrisa we haýwanlaryň hukugyny goraýjy Brijett Bardot Fransiýanyň sirkinde näsaglan iki sany pili öldürmek boýunça planlaşdyrylýan çäräniň amala aşyrylan halatynda, özüniň Orsýetiň raýatlagyny almak üçin ýüz tutmagynyň mümkindigi bilen duýduryş berdi.

Anna güni eden beýanatynda aktrisa Brijett Bardot inçekesel bilen kesellän Beýbi we Nepal atly pilleri halas etmek boýunça özüniň teklip eden taslamalaryna Fransiýanyň häkimiýetleriniň hiç hili reaksiýa bildirmeýändiklerini belläpdir.

Ýakynda Leon şäheriniň sudy jemgyýetçiligiň saglygy bilen baglanyşykly howpsuzlygy göz öňünde tutup, bu iki piliň medisina usuly arkaly öldürilmelidigi barada karar çykardy. Leon şäherinde bu pillere eýelik edýän sirkiň resmileri-de suduň bu kararyna garşy şikaýat suduna ýüz tutjakdyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG