Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň raýatyna internet galplyklarynda üç ýyl berildi


Anna güni orsýetli Wladimir Zdorowenin Nýu-Ýorkuň federal sudy tarapyndan internet arkaly maliýe jenaýatçylygyny amala aşyrmak synanyşyklarynda günäli tapylyp, üç ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

55 ýaşly Wladimir Zdorowenin 2012-nji ýylyň fewralynda geçirilen ozalky sud diňlenişiginde gizlin dildüwşükde hem-de internet arkaly pul ogurlamak synanyşyklarynda bildirilen aýyplamalarda öz günäsini boýun alypdy.

Ol 2011-nji ýylda Şweýsariýada tussag edilip, Birleşen Ştatlara deportasiýa edileli bäri ABŞ-nyň türmesinde tussaglykda saklanýar. Suduň höküminden soň onuň ýene azyndan iki ýyldan Orsýete deportasiýa edilmegi mümkin diýlip garaşylýar.

Birleşen Ştatlaryň prokuraturasy Orsýetiň raýaty Wladimir Zdorowenini we onuň ogly Kirili 2004-2005-nji ýyllar aralygynda internet arkaly bank müşderileriniň bank hasaplaryna girip, ýüz müňlerçe dollarlyk maliýe pirimlerini amala aşyrmak synanyşyklarynda aýyplaýar. Onuň ogly Kiriliň niredeligi heniz belli däl.
XS
SM
MD
LG