Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goşunlary Türkiýede ýerleşdirilip başlandy


“Patriot” raketelar batareýasyny dolandyrmak üçin 400 töweregi amerikan harbysy Türkiýede ýerleşdiriler.
“Patriot” raketelar batareýasyny dolandyrmak üçin 400 töweregi amerikan harbysy Türkiýede ýerleşdiriler.
Şu günler Birleşen Ştatlaryň harbylary Türkiýäniň Siriýa bilen serhet ýakalarynda “Patriot” raketa sistemalaryny ornaşdyrmak işlerine başladylar. Bu rakete sistemalary Siriýa tarapyndan abanmagy mümkin harby howplardan Türkiýäniň territoriýasyny goramaklygy göz öňünde tutýar.

2012-nji ýylyň noýabrynda NATO agza Türkiýe özüniň Siriýa bilen aralykda 900 kilometre uzaýan serhetlerindäki howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek üçin NATO-dan “Patriot” raketa sistemalary arkaly ýardam bermekligi haýyş edipdi.

Geçen ýylyň ahyrlarynda Siriýanyň territoriýasyndan Türkiýäniň serhetýaka raýonlaryna snarýad oklarynyň atylmagy netijesinde ýagdaý birneme dartgynlaşypdy.

Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky harby komandowaniýesiniň aýtmagyna görä, Waşington tarapyndan Türkiýä iberilen iki sany “Patriot” raketelar batareýasyny dolandyrmak üçin 400 töweregi amerikan harbysy Türkiýede ýerleşdiriler. Eýýäm geçen hepdäniň anna güni amerikan harbylary Türkiýä gelip başladylar.

Beýleki ýurtlar hem goldamakçy

Mundan daşary, Germaniýa bilen Gollandiýa hem Türkiýede “Patriot” raketa sistemalarynyň ýene ikisini ýerleşdirmekligi planlaşdyrýarlar.

Bu ýurtlar hem harby batereýalardan her birinde 400 töweregi esger ýerleşdirmekligi göz öňünde tutýarlar. Olaryň esgerleri şu öňdäki hepde Türkiýä gelip başlarlar diýlip garaşylýar.

Plana görä, şu ýanwar aýynyň ahyryna çenli jemi alty sany “Patriot” raketa sistemasyny Türkiýäniň serhetýaka regionlaryna ýerleşdirmeklik göz öňünde tutulýar.

NATO-nyň resmileri bu gorag raketa sistemalarynyň diňe Türkiýäniň territoriýasyny goramaklyk üçin niýetlenendigini we olaryň Siriýanyň territoriýasynda uçuşlaryň gadagan zonasyny döretmek hem-de ony goramak maksatlary üçin niýetlenmändigini tekrarlaýarlar.

Ýöne, şeýle-de bolsa, Türkiýäniň territoriýasynda şeýle raketa sistemalaryny ýerleşdirmek planlaryny Siriýanyň, Eýranyň we Orsýetiň häkimiýetleri berk ýazgaryp çykyş etdiler.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, Siriýanyň içinde oppozision söweşijiler bilen hökümet güýçleriniň arasyndaky ýaragly çaknyşyklar kem-kem giň häsiýete eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasy bu ýurtda indi iki ýyla golaý bäri dowam edýän ýaragly konfliktleriň barşynda 60 müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG