Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin belli fransuz aktýoryna Orsýetiň raýatlygyny gowşurdy


Şenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin fransiýaly belli kino aktýory Žerar Depardýe bilen duşuşyp, oňa Orsýetiň raýatlygyny gowşurdy. Bu barada Orsýetiň 1-nji telekanaly habar berýär.

Orsýetiň “RIA Nowosti” habar agentligi-de prezidentiň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanmak bilen, prezident Putiniň Žerar Depardýeni Soçi şäherinde kabul edendigini we şol ýerde-de oňa resmi ýagdaýda Orsýetiň raýatlygyny gowşurandygyny habar berýär.

Geçen hepde Orsýetiň habar serişdeleri Žerar Depardýeniň Orsýetiň raýatlygyny almak üçin resmi haýyş bilen prezident Putine ýüz tutandygyny habar beripdiler.

Soňky wagtlar dünýä meşhur kino aktýory Žerar Depardýe Fransiýadaky salgyt kanunlary bilen baglanyşyklyk ýurduň häkimiýetleri bilen belli bir dawalara girdi.
XS
SM
MD
LG