Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Deli: Jynsy zorlukda ölen gyzyň kakasy açyk çykyş etdi


Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide ýakynda köpçülikleýin jynsy taýdan zorlanylyp öldürilen ýaş gyzyň kakasy ýekşenbe güni öz adyny we gyzynyň adyny aýan edip çykyş etdi.

Şu çaka çenli 23 ýaşly bu gyzyň şahsyýeti we onuň maşgalasy baradaky maglumatlar resmi ýagdaýda aýan edilmän gelinýärdi. Hindistanyň kanunçylygy jynsy zorluga sezewar edilen adamlaryň maşgala abraýyny goramak maksady bilen olar baradaky maglumatlary gizlin saklaýar.

Bu jynsy zorlugyň pidasy bolan gyzyň kakasy Badri Singh Pandeý Britaniýanyň “Sunday Times” gazetine beren interwýusynda özüniň we gyzynyň adyny aýan etmek bilen, öz bu ädimini jynsy zorluga sezewar edilen beýleki aýal-gyzlara duýgudaşlyk we raýdaşlyk ädimi hökmünde häsiýetlendiripdir.

Badri Singh Pandeý öz bu hereketiniň jynsy zorluga sezewar edilen beýleki aýal-gyzlaryň batyrgaý hereket etmeklerine ýardam etmeginiň mümkindigini belläpdir.
XS
SM
MD
LG