Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Prezident al-Assad barlyşyk ideýasy bilen çykyş etdi


Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Siriýada parahatçylygy gaýtadan ýola goýmak meselesi bilen baglanyşykly telewideniýe arkaly halka ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Munuň özi geçen ýylyň noýabryndan bäri onuň ilkinji gezek jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolmasy hökmünde alamatlandy.

Bu ýüzlenmesinde prezident al-Assad milli barlyşyk meselesi boýunça konferensiýa gurnamak hem-de täze konstitusiýanyň taslamasyny işläp düzmek teklibini öňe sürdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol oppozision söweşijileri “ganhor jenaýatçylar” diýip atlandyryp, Günbatar we käbir regional ýurtlaryň olary maliýeleşdirmeklerini bes eden halatynda, öz inisiatiwasynyň güýje girip biljekdigini nygtady.

Käbir synçylar prezident Başar al-Assadyň barlyşyk konferensiýasy barada öňe süren ideýasyny oppozision güýçleriň ret etmekleriniň mümkindigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG