Sepleriň elýeterliligi

Halk henekleri we degişmeleri


Çekeleşik karikaturasy.

Çekeleşik karikaturasy.

“Eýesi ölendir diýip…”

Welosiped (tigir) ogurlygynda günä bildirilýäne sud edilýär.

Sudýa (kazy) oňa:

– Gonamçylykdan welosiped ogurlamaga neneň ynsabyň çatdy?– diýip, sowal berýär.

Günä bildirilýän:

– Men onuň eýesi ölendir diýip, pikir etdim. Şonuň üçinem,
welosipedi gonamçylykdan alyp gaýtdym – diýip, jogap berenmis.

***

Bolşy-bolşy ýaly düşündirmek

Bir oturylyşyk-meýlisde iki ýigidiň sözi azaşyp, olar gyzyl ýumruga girip, urşupdyrlar. Aradan birnäçe gün çeçenden soň, şol urşan ýigitleriň biri başga bir oturylyşyga barýar. Ondan öňki meýlisde näme bolup geçendigini soraýarlar.

Ol şonda:

– Pylanynyň öýünde meýlis bolanda, pylany meniň göwnüme degdi. Gaharyma bäs gilip bilmän, men ony suwasalma ýeniçdim, ölüm pillesini tutdurdym – diýipdir.

Başga biri “Soňy näme bilen tamam boldy?” – diýip soranda, ol oňa:

– Bolan üýtgeşik zat ýok. Men-ä “Tiz kömek” maşyny bilen keselhana äkitdiler. Ony bolsa ýörite gelen polisiýa maşyny bilen, elini gandallap, polisiýa bölümine
äkitdiler – diýip, bolup geçen ýagdaýy “bolşy-bolşy ýaly” düşündiripdir.

***

“Uruş weterany”

Welaýat merkezi bilen paýtagt aralygynda gatnaýan ýolagçy awtobusynda bir ýaşuly bilen bir ýaş ýigit ýanaşyk otyr. Ýaş ýigit ondan:

– Agam, urşa gatnaşdyňmy? – diýip soraýar.

Ýaşuly özüne göwniýetijilik bilen “Hawa, gatnaşdym “diýip jogap berýär. Ol ýaş ýigidiň “Agam, uruşda ýaralandyňmy?” diýen sowalyna-da buýsanç bilen baş atyp “Hawa, ýaralandym” diýipdir.

Ol ýaş ýigidiň “Niräňizde ýaralandyňyz?” diýip, beren soragyna “Kellämden” diýýär. Ol bilesigeliji ýigidiň “Haýsy frontda kelläňizden ýaralandyňyz?” diýen sowalyna:

– Piwohanada – diýip, jogap beripdir.

***

Arak hem-de ant

Uzak wagtlap biri-birini görmedik iki ülpet tötänlikde köçede sataşýar. Olaryň biri beýlekisinden:

– Şepe, bu günler häme iş edýäň?– diýip soraýar.

Beýleki oňa:

– Tapan günüm-ä arak-şerap içýän. Tapmadyk günümem “Arak içmen” diýip, ant içýän – diýip, jogap beripdir.

Il içinden çöplän we toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG