Sepleriň elýeterliligi

Ýakutiýada möjekler sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi


Orsýetiň Ýakutiýa respublikasynyň häkimiýetleri ýerli dowarlara möjekleriň çakdanaşa köp hüjüm etmekleri bilen baglanyşykly bu respublikada adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler.

Ýakutiýa respublikasynyň lideri Ýegor Borisowyň metbugat gullugy soňky günler sugunlaryň we atlaryň sürülerine möjekleriň edýän hüjümleriniň birnäçe esse artandygyny mälim etdi.

Möjekleriň hüjümlerine garşy ýörite awçylar toparlarynyň döredilendigi habar berilýär. Ýerli hökümet resmileri 15-nji ýanwardan başlap Ýakutiýa respublikasynda möjeklere garşy üç aýlyk göreşiň yglan ediljekdigini aýdýarlar.

Statistiki maglumata görä, häzir bu respublikanyň territoriýasynda 3 müň 500-den gowrak möjek bar diýlip hasaplanylýar. Respublikan administrasiýanyň metbugat gullugy häzirki planyň bu möjekleriň sanyny takmynan 500-e getirmekden ybaratdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG