Sepleriň elýeterliligi

Dewid Kameron 2020-nji ýyla çenli häzirki wezipede galmak isleýär


Ýekşenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Dewid Kameron geljekki parlament saýlawlarynda öz Konserwatiw partiýasynyň ýeňiş gazanan halatynda, 2020-nji ýyla çenli özüniň premýer-ministrlik wezipesinde galmak meýliniň bardygyny aýtdy.

Britaniýada indiki parlament saýlawlary 2015-nji ýylda geçirilmeli. “Sunday Telegraf” gazetine beren interwýusynda 46 ýaşly Dewid Kameron özüniň göz öňünde tutýan reformalar toplumyny durmuşa geçirmek üçin özüne ýene doly 5 ýyllyk premýer-ministrlik möhletiniň zerur boljakdygyny aýtdy.

Bu göz öňünde tutulýan reformalaryň hatarynda bolsa ol daşary ýurtlara berilýän gumanitar ýardamlardan başlap, bir jynsyň wekilleriniň özara durmuş gurmak hukuklary ýaly birgiden meseleler boýunça reformalaryň bardygyny belledi.

Onuň bu çykyşynyň öňýany käbir synçylar Dewid Kameronyň geljekki saýlawlarda öz ornuny öz syýasy partiýasyndaky beýleki kandidatlara hödürlemeginiň mümkindigini öňe sürüpdiler.
XS
SM
MD
LG