Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Amerikan uçarynyň hüjüminde azyndan 9 söweşiji öldi


Ýekşenbe güni irden Pakistanyň häkimiýetleri ýurduň Günorta Weziristan regionynda pilotsyz amerikan uçarynyň geçiren hüjüminde azyndan 9 sany ýaragly söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Pakistanyň howpsuzlyk resmileri Azatlyk Radiosynyň Maşaal gullugy bilen söhbetdeşlikde bu hüjümiň ýekşenbe güni daňdanlar Günorta Weziristan regionynyň Babar Ghar obasynda ýaragly söweşijileriň ýerleşýän bir bukusyna garşy geçirilendigini mälim etdiler.

Ýöne häzirlikçe öldürilen adamlaryň şahsyýetleri barada anyk maglumat alynmady. Pakistanyň şu Babar Ghar obasy pakistanly talybanlaryň iň bir güýçli jemlenen ýerlerinden biri hasaplanylýar.

Bu hüjüm soňky bäş günüň dowamynda amerikan uçarlarynyň Pakistanyň bu serhetýaka regionynda amala aşyran üçülenji hüjümidir.
XS
SM
MD
LG