Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Assad barlyşyk planlaryny öňe sürdi


Prezidenti Başar al-Assad öz çykyşynda oppozision söweşijileri “ganhor jenaýatçylar” we “gurjaklar” diýip atlandyrdy.
Prezidenti Başar al-Assad öz çykyşynda oppozision söweşijileri “ganhor jenaýatçylar” we “gurjaklar” diýip atlandyrdy.
Ýekşenbe güni Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Siriýada parahatçylygy gaýtadan ýola goýmak meselesi bilen baglanyşykly telewideniýe arkaly halka ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, ol oppozision söweşijileri “ganhor jenaýatçylar” we “gurjaklar” diýip atlandyrdy.

Damaskyň opera öýünde öz tarapdarlarynyň öňünde eden bu çykyşynda prezident al-Assad “Siriýanyň topragy çakdanaşa uly hasraty başdan geçirýär” diýip, bu ýurtda indi 21 aý bäri dowam edip gelýän konfliktleriň çynlakaýdygyny boýun aldy.

Men Siriýanyň çagalarynda bigam ýylgyryşlary görmeýärin
Başar al-Assad

“Şu gün men siziň ýüzüňize, öz watanymyň ogullarynyň ýüzüne bakýaryn. Ol ýüzler gynançdan we hasratdan doly. Men Siriýanyň çagalarynyň gözlerine bakýaryn; men olarda bigam ýylgyryşlary görmeýärin, men bigam gülküleri eşitmeýärin. Men olaryň özlerini şatlandyraýjak we ýylgyrdaýjak oýunlar bilen meşgullanyp ýörendiklerini-de görmeýärin. Men öz ýaşulularymyzyň öz ogullarynyň ýa-da gyzlarynyň ýa-da agtyklarynyň jany üçin doga-dileg edýändiklerini görýärin” diýip, prezident al-Assad öz gynanjyny mälim etdi.

Siriýanyň prezidenti bu ýüzlenmesinde milli barlyşyk meselesi boýunça konferensiýa gurnamak hem-de täze konstitusiýanyň taslamasyny işläp düzmek teklibini öňe sürdi.

Ýöne bu meselede onuň käbir sözleri juda barlyşyksyz bolup hem ýaňlandy. Prezident al-Assad ýaragly oppozision söweşijileri göz öňünde tutmak bilen, barlyşyk baradaky islendik bir gepleşige “Siriýa dönüklik edenleriň” gatnaşdyrylyp bilinmejekdigini nygtady. Ol bu ýaragly söweşijileri “Günbatarda ýasalan gurjaklar” diýip atlandyrdy.

Sebäbini başgaça düşündirýär

Başar al-Assad oppozisiýanyň alyp barýan häzirki ýaragly söweşleriniň öz maşgalasynyň onlarça ýyllyk dolandyryşyna garşy halkyň syýasy protestidigini-de ret etdi. Ol Siriýada dowam edýän ganly wakalara “ganhor jenaýatçylaryň” we “jihadçileriň” jogapkärdiklerini aýtdy.

Käbir synçylar prezident Başar al-Assadyň häkimiýetden gitmegine aýak diräp gelýän oppozision güýçleriň prezidentiň barlyşyk baradaky öňe süren ideýasyny ret etmekleriniň mümkindigini aýdýarlar.

Ýerli aktiwistler Idlib şäherindäki bu jaýlaryň hökümet güýçleriniň hüjümlerinde weýran bolandygyny aýdýarlar. Idlib, 2-nji ýanwar.
Ýerli aktiwistler Idlib şäherindäki bu jaýlaryň hökümet güýçleriniň hüjümlerinde weýran bolandygyny aýdýarlar. Idlib, 2-nji ýanwar.
Siriýanyň oppozision Milli Koalisiýasynyň metbugat sekretary Walid Bunni prezident al-Assadyň bu çykyşyna BMG-niň ýörite wekili Lahdar Brahiminiň bu ýurtdaky graždanlyk urşunyň öňüni almak ugrundaky diplomatik tagallalaryna zarby urmak synanyşygy hökmünde baha berdi.

Öz gezeginde Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat bölüminiň başlygy Katerin Äşton hem Siriýada syýasy geçişi üpjün etmek üçin prezident Assadyň häkimiýetden gitmegini talap edýän Ýewropa Bileleşiginiň öz bu talabyndan ýüz öwrüp bilmejekdigini nygtady.

Britaniýanyň daşary işler sekretary Wilýam Heýg bolsa Siriýanyň prezidentiniň bu çykyşyny “ikiýüzlülikden hem geçirýän” çykyş hökmünde häsiýetlendirdi. Ol bu barada Twitterde ýazan hatynda “Siriýany gurşap alan ölümler, zorluklar we repressiýalar Assadyň öz karary bilen bolýan zatlar” diýip belläpdir.

Birleşen Milletler Guramasy 2011-nji ýylyň martyndan bäri hökümet güýçleri bilen oppozision söweşijileriň arasynda dowam edýän ýaragly konfliktleriň barşynda 60 müňden gowrak adamyň ölendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG