Sepleriň elýeterliligi

Prawoslaw hristianlary Ysa Mesihiň dünýä inmegini belleýärler


Bütin dünýädäki prawoslaw hristianlary roždestwony, ýagny Ysa Mesihiň dünýä inmegini belleýärler.

Bu çäre mynasybetli Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Soçi regionyndaky Lesnoýe Adlerskiý obasynyň Troitsa-Georgiwskiý aýallar ybadathanasyna bardy.

Premýer-ministr Dmitriý Medwedew hem, bu dabara mynasybetli Moskwanyň ybadathanalarynyň birindäki çärä gatnaşdy. Şonda Orsýetiň patriarhy Kirill hem wagyz etdi.

Kirill orsýetlilere “ýetim çagalary perzentlige almaga we olary söýmäge” çagyryş etdi.

Mundan öň, 28-nji dekabrda prezident Wladimir Putin ABŞ-nyň raýatlaryna ors çagalaryny perzentlik almagyny gadagan edýän kanuna gol goýupdy.
XS
SM
MD
LG