Sepleriň elýeterliligi

Zamun alnan gyrgyzlaryň ählisi azatlyga goýberildi


Özbegistanyň Soh etrabynda zamunlykda saklanan gyrgyz raýatlarynyň ählisi azatlyga goýberildi.

Gyrgyz gümrük gullugynyň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, zamun alnan adamlaryň galan 16-sy hem duşenbe güni öýlän goýberilipdir.

Mundan ozal zamun alnan gyrgyzystanlylaryň hataryndan duşenbe güni irden 14 aýal we çaga boşadylypdy.

Bu waka, ýekşenbe güni Sohyň ýaşaýjylarynyň gyrgyz gümrük gullukçylaryna çozmagy we 40 gyrgyzystanlyny zamunlyga almagy bilen başlanypdy. Bu barada gyrgyz resmileri habar berýär.

Habar berilmegine görä, şol çaknyşyklarda gyrgyzystanly bir polisiýa işgäri agyr ýaralanypdyr.

Muňa garamazdan, duşenbe güni Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy, şol waka bilen baglanyşykly Gyrgyzystanyň serhet gullukçylaryny aýyplap beýanat ýaýratdy.

Özbegistanyň Howpsuzlyk gullugynyň aýtmagyna görä, gyrgyz gümrükçileriniň dikeldýän elektrik geçiriji diregleriniň ýerleşdirilmegine garşy protest alyp baran ýerli ýaşaýjylara Gyrgyzystanyň serhet işgärleri ot açypdyrlar.
XS
SM
MD
LG