Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Kawkazdaky roždestwo hüjümleriniň öňi alyndy


Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Kabardino-Balkariýada prawoslaw hristiýanlaryň roždestwo dabaralary sebäpli, söweşijileriň amala aşyrmagy planlaşdyran hüjümçileriniň öňi alyndy. Bu barada ýerli howpsuzlyk güýçleri habar berýär.

Ýekşenbe güni giçlik Dugulubgeý obasynyň eteginde howpsuzlyk güýçleri bir ulagy saklanda, onuň içindäki üç söweşiji olara garşy ot açypdy.

Howpsuzlyk güýçleri hem söweşijilere gaýtawul berdiler. Ok atyşlygyň netijesinde söweşijileriň ýanyndaky partlaýjy serişdeleri ýaryldy, munuň netijesinde söweşijileriň üçüsi hem öldi. Howpsuzlyk güýçleriniň arasyndan hiç kim heläk bolmady.

Howpsuzlyk güýçleri ýaraglary we “ulanylmaga taýýar bolan” üç sany öý şertlerinde ýasalan bombany ele geçiripdirler. Bu barada respublikanyň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Terrorizme garşy milli komitetiň metbugat wekiliniň habar bermegine görä, söweşijiler partladyjy serişdeleri Kabardino-Balkariýadaky we Stawropol Kraýdaky ybadathanalarda ýerleşdirip, ony roždestwo dabaralary başlananda partlatmagy planlaşdyrypdyrlar.
XS
SM
MD
LG