Sepleriň elýeterliligi

Türkmen raýatlary Minskde sud edilýär


Täze Ýyl baýramçylygy Minsk, 2013.

Täze Ýyl baýramçylygy Minsk, 2013.

Täze ýyl baýramçylygynda Minskde Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlary bolan jemi 20 adamyň ele salnandygy we olaryň sud edilýändigi habar berildi.

Belarusyň paýtagtynda Täze ýyl baýramçylygynda huligançylyk edenlikde günälenip, tussag edilen 20 adamdan 18-niň türkmenistanly studentlerdigi we ýene ikisiniň Özbegistanyň raýatydygy habar berilýär.

Habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, türkmen we özbek raýatlarynyň işine Minskiniň Merkezi etrap sudunda garalýar. “Interfaks-Günbatar” agentliginiň maglumatyna göra, bu 20 adam administratiw jogapkärçilige çekildi.

Minskiniň Içeri işler boýunça baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Ioskiniň žurnalistlere aýtmagyna görä, türkmen we özbek raýatlary Minskiniň Sport köşgüniň ýanynda Täze ýyl tomaşasynda saklanypdyr.

Polisiýanyň resmisi bu waka barada şeýle diýýär: “Olar özlerini örän gelşiksiz alyp bardylar. Milisiýa işgärleriniň belliklerini äsgermediler”.

Habar agentlikleriniň Aleksandr Ioskine salgylanyp ýaýradan maglumatlaryna görä, polisiýa bidüzgünçiliklere baş goşanlardan iň aktiw bir-iki adamy saklamakçy bolanda, beýlekiler tussag edilýänleri goramakçy bolupdyrlar, netijde polisiýa 20 adamy saklamak kararyna gelipdir.

Minskde administratiw suduna çekilen Türkmenistanyň raýatlarynyň Belarus paýtagtynyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň studentleridigi we olara suduň netijesinde jezanyň çykaryljakdygy habar berilýär.

Belarusyň habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, deportasiýanyň iň berk jeza bolmagy mümkin.

“Emma häzirki wagtda olary deportasiýa etmek meselesini hiç kim gozgamaýar” diýip, Minskiniň Içeri işler boýunça baş uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Ioskin žurnalistlere aýtdy.

Belarusyň habar agentlikleriniň maglumatlaryna görä, Sport köşgi Täze ýyl baýramçylygynda Belarusyň paýtagtynda köpçüligiň jemlenen esasy ýerleriniň biri bolupdyr. Minskiniň polisiýasynyň resmi maglumatyna görä, bu ýerde şu ýyl 15 müňden gowrak adam jemlenipdir.

Belarus metbugatynyň maglumatyna görä, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda 6 müňe golaý türkmenistanly student bilim alýar olaryň aglaba köpüsi öz hasabyna okaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG